JEMGYÝET

Ýeralma ― ýagtylyk çeşmesi

Ysraýylly alymlar ýeralmadan elektrik energiýasyny almagyň ýoluny tapdylar. Ýörite ulgam arkaly ýeralmadan alnan energiýa bir otagy 40 günüň dowamynda ýagtylandyryp bilýär.

Bu ulgamy işletmek üçin ýeralmanyň buglanan bolmagy şertdir. Şeýlelikde, ol örän az çykdajyly elektrik energiýasyna öwrülip bilýär.

Bu taslama Kudus Ibrani uniwersitetinde işleýän alym Haim Roabinowitçiň ýolbaşçylygyndaky topara degişli. Onuň aýtmagyna görä, 8 minudyň dowamynda gaýnadylan ýeralma çig görnüşinden 10 esse kän energiýa öndürip bilýär. Onuň energiýasyny has güýçlendirmek üçin bolsa, gaýnadylan ýeralmany dilimläp, aralaryna metal elektrik geçiriji ornaşdyrýarlar. Şeýlelikde, sähelçe ýeralma tutuş bir otagy 40 günläp ýagtylandyryp biljek energiýanyň döremegine sebäp bolýar.

Bu işiň ýene bir gyzykly tarapy, elektrik energiýasyny zaýalanan ýeralmalardan hem öndürip bolýanlygydyr. Mysal üçin, Keniýada her ýyl 2,1 million tonna çenli ýeralma ýetişdirilýär. Ýalňyş ýerleşdirmäniň netijesinde bu hasylyň 20 göterimi zaýalanýar. Ýagny diňe Keniýada her ýyl 410 müň tonna çenli ýeralma zaýa bolýar. Bu örän uly ýitgidir. Indi bolsa munuň üçin endişelenere sebäp ýok. Ysraýylly alymlaryň oýlap tapyşynyň netijesinde zaýalanan ýeralmalar tutuş Keniýa ýagtylyk paýlap biler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýram namazyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşinde Arkadag şäherine wekilçilk eder

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär

Ata Watan Eserleri