DÜNÝÄ

Ýer titremesinde ejir çekenlere kömek hökmünde odeýalolar kabul edilýär

Türkiýäniň Wiza ýüz tutuş merkezinde ýer titremesinde ejir çekenlere kömek etmek üçin odeýalolar kabul edilip başlandy.

Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýaýradan maglumatlarynda şeýle beýan edildi:

«14-nji fewralda söýgülileriňiziň kalbyny ýer titremesinde ejir çekenlere iberen odeýalolar bilen ýyladyň».

Diňe täze, ulanylmadyk hem-de gaplanan odeýalolar 13:00-dan 17:00-a çenli Türkiýäniň Wiza ýüz tutuş merkezinde kabul edilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýe döwletinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi sebäpli   maddy taýdan kömek etmek isleýänler üçin Türkmenistanda ýörite bank hasaby açyldy.

Mälim bolşy ýaly, döwletimiz tarapyndan hem Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen ynsanperwer kömegi Türkiýä iberildi.

 

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitiň ösmegine goşant goşýar

Günorta Koreýada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň netijelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Leave a Comment