DÜNÝÄ

ÝB-Merkezi Aziýa birinji sammiti Özbegistanda geçiriler

Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen Özbegistanda saparda bolup, 2025-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa birinji sammitine gatnaşarlar. Bu barada Ýewropa Geňşeiniň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Sammit Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçirilip, oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sammit Ýewropa Bileleşigi üçin ikitaraplaýyn gatnaşygy güýçlendirmek hem-de Merkezi Aziýa bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm mümkinçilik döreder.

Sammitiň dowamynda ulag aragatnaşygy, möhüm çig mal, ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we energiýa geçişi ýaly özara gyzyklanýan ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler maslahatlaşylar.

Soňky ýyllarda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň gatnaşyklary ýokary derejede alnyp barylýar: liderleriň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň oktýabrynda Gazagystanda we 2023-nji ýylyň iýunynda Gyrgyzystanda duşuşyklar geçirildi.

2023-nji ýylda Lýuksemburg şäherinde ministerler derejesindäki duşuşykda Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bilelikdäki ýol kartasy kabul edilipdi.

ÝB-Merkezi Aziýa 20-nji ministrler maslahaty 2025-nji ýylyň 4-nji martynda Aşgabatda geçiriler we bu duşuşyk öňde boljak sammit üçin özboluşly taýýarlyk meýdançasy bolar.

Ýewropa Bileleşigi sebitiň ikinji iri söwda hyzmatdaşydyr, şol sanda iri maýadary bolup, sebitiň maýa goýumlarynyň 40 göterimlik paýyna eýedir.

Related posts

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Amerikada hökümet ýapylmak ýagdaýy aradan aýrylmaga ýakyn — Green Kart başlarmy?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy