Häzirki wagtda “Ýaş talyp zenan ýolbaşçylar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary (SUSI)” maksatnamasynyň “Daşky gurşaw meseleleri” boýunça 2022-nji ýyl üçin anketalary kabul etmek dowam edýär. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň web saýtyndaky maglumata görä, resminamalar kabul etmek 2022-nji ýylyň 20-nji dekabryna çenli dowam edýär. Kabul edilen talyp zenanlar 2023-nji ýylyň iýun aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gider. Bu bäş hepdelik maksatnama 2023-nji ýylyň iýun aýynda başlar; eger saglyk şertleri maksatnamanyň şahsy görnişinde geçirilmegine ýol bermese, maksatnama wirtual formatda geçiriler.
Maksatnamanyň beýany
“Ýaş talyp zenan ýolbaşçylar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary (SUSI)” maksatnamasy güýçli depginde alnyp barylýan gysga-möhletleýin okuw maksatnamasy bolup, onuň maksady Ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryna ABŞ barada çuňňur düşünje bermekden we şol bir wagtyň özünde olaryň dolandyryjylyk ukyplaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Bu maksatnama gatnaşyjylaryň liderlik ukyplaryny ösdürmek bilen bir hatarda ABŞ-nyň taryhy, hökümeti, jemgyýeti we medeniýeti baradaky bilimlerini artdyrmaga ýardam eder. Maksatnama hökümet syýasatlarynyň, iş tejribesiniň we durmuş-medeni kadalarynyň daşky gurşaw meseleleriniň obýektiwiniň üsti bilen aýal-gyzlara edýän täsirini öwrener.
Şeýle hem, “SUSI” maksatnamasy gatnaşyjylara ABŞ-nyň we dünýädäki aýal-gyzlaryň döwrebap meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilikler döreder. Bu meselelere aýal-gyzlaryň ýolbaşçylygy üçin öňe gidişlikler we mümkinçilikler, aýal-gyzlara garşy zorluga garşy göreşmek, girdejilerdäki deňsizligi ara alyp maslahatlaşmak we iş ýerlerinde aýal-gyzlar üçin beýleki kynçylyklar, aýallaryň saglygyna degişli meseleler we aýallaryň bütindünýä parahatçylygyna, howpsuzlyga we durnuklylyga goşup biljek goşantlarynyň ugurlary girýär.
Çykdajylary kim garşylaýar?
Maksatnama gatnaşyjylaryň ähli çykdajylaryny, ýagny wiza, halkara we içerki syýahat, ýerüsti gatnaw, kitaplar üçin, medeni çärelere gatnaşmak üçin we tötänleýin çykdajylary, ýaşaýyş jaýynyň töleglerini we iýmit bilen bagly çykdajylaryň ählisini öz üstüne alýar. Gatnaşanlaryň hemmesine maksatnamanyň dowamlylygy üçin lukmançylyk ätiýaçlandyryşyny beriler.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
- Maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky diňe zenan talyplar üçin niýetlenen.
- Iňlis dilini bilmek – maksatnamanyň dowamynda terjime üpjün edilmeýär. Gatnaşyjylar iňlis dilini suwara bilmeli.
- Maksatnama Yokary okuw jaýynda okuwlaryny tamamlamaga azyndan ýarym ýyl wagt galan talyplar gatnaşyp bilerler.
- Okuwlaryna ýetişigi ýokary bolmaly- bahalaryň göçürmesini we mugallymlaryň häsiýetnamalaryny tabşyrmaly.
- Dalaşgärleriň ABŞ-da ýa-da öz ýurdunyň daşynda az tejribesi ýa-da hiç hili tejribesi bolmaly däldir.
Anketany nädip tabşyrmaly:
Doly doldyrylan anketalar 2022-nji ýylyň 20-nji dekabryna çenli tabşyrmaly. Anketany şu ýerden MS Word wersiýasy (DOC 49 KB) formatynda alyp, AshgabatEducation@state.gov elektron poçta arkaly ýüz tutup alyp bilersiňiz.
Soraglar:
Ähli soraglaryňyza AshgabatEducation@state.gov elektron poçtasyna ugradyp jogap alyp bilersiňiz.
Dowam edýän beýleki maksatnamalar:
- Orta bilim işgärleri üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy
Ýadyňyzda bolsa biz öň saýtymyzda Tejribeli mugallymlara we dolandyryjylara amerikan jemgyýetine, medeniýetine we gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmäge müminçilik berýän SUSI maksatnamasy resminamalary kabul edýändigi baradaky habary okyjylarymyza ýetiripdik. Bellemeli zat, bu maksatnama resminama kabul edişlik häzirki wagtda hem dowam edýär we Anketalar 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär.
Orta bilim işgärleri üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy orta bilim ulgamynda işleýän mugallymlara we dolandyryjylara amerikan jemgyýetine, medeniýetine, gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegi hödür edýän çalt depginli maksatnamadyr. Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylara orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary üçin okuw maksatnamalary işlenip düzülende ABŞ barada mowzuklary goşmak üçin maglumatlary we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup durýar.
2. Ylmy işgärler üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy
Şeýle hem 6 hepdelik Ylmy işgärler üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy hem resminamalar kabul edişlik dowam edýär we bu maksatnamada hem resminamalar 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär.
Ylmy işgärler üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy alymlyk derejesini bermeýän güýçli depginli maksatnamadyr. Bu maksatnama ýokary bilim gatlagynda işleýän tejribeli mugallymlara we ylmy işgärlere amerikan jemgyýetine, medeniýetine we gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegi hödür edýär. Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylara ýokary okuw jaýlary we beýleki akademiki edaralary üçin okuw maksatnamalary işlenip düzülende ABŞ barada mowzuklary goşmak üçin maglumatlary we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup durýar.
3. Ylmy işgärler üçin Fulbraýt maksatnamasy:
Daşary ýurtly ylmy işgärler üçin esasy Fulbraýt maksatnamasyna resminamalar kabul etmek 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry, sagat 18:00-a çenli dowam edýändigini ýatladýarys. Daşary ýurtly ylmy işgärler üçin Fulbraýt maksatnamasy- bu tejribeli hünärmenler, uniwersitetleriň mugallymlary we on ýyl ýa-da ondan ýokary iş tejribeleri bar bolan ylmy işgärler üçin niýetlenen maksatnamadyr. Bu maksatnama ähli ugurlar boýunça giň göwrümli mowzuklar, ýagny ylym, tehnologiya, inžiniring we matematika (STEM), bilim we beýleki okuw ugurlaryndan arzalary kabul edýär. Bu meýilnamanyň umumy dowamlylygy 10 aýdan ya-da iki okuw semestrinden artyk bolmaly däldir. Hukuk ugry boýunça tabşyrýan dalaşgärler diňe bir semestr okarlar.
Dalaşgärler ylmy işgärler üçin niýetlenen Fulbraýt maksatnamasynyň Görnükli ylmy işgärler we hünärmenler üçin Fulbraýt maksatnamasy, Ýaş mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy we Çagyrylýan alymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy (aýratyn soragnama talap edilýär) bölümlerine tabşyryp bilerler
«FLEX» maksatnamasy: türkmen okuwçylaryny gatnaşmaga çagyrýar
Mekdep mugallymlary : Amerikada gysga wagtlyk okuw mümkinçiligi