DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar

Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy T.Endonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda ýapon tarapy Hormatly Prezidentimiziň Doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Taraplar duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridigini bellediler.

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň dostluk toparlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegi işjeň parlamentara gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar.

Şeýle hem, taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Related posts

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasy taýýarlanar

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy halkara hyzmatdaşlygyny giňelder

USAID Türkmenistanyň Mejlisinde okuw maslahatyny gurady

Ata Watan Eserleri