BIZNES

Ýapon tehnikalary ýurdumyza getirildi

Ýurdumyzyň suw hojalyk pudagy üçin Ýaponiýadan «Komatsu» kysymly tehnikalar gelip gowuşdy. Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Baş ylalaşygyň çäginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryň hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek hakyndaky» degişli Kararyna laýyklykda, 1-nji tapgyrda gelip gowşan tehnikalar «D65EX-16» kysymly buldozerlerden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasyndaky degişli ylalaşyga laýyklykda, täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň suw hojalygy pudagy üçin «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryň 200-siniň, şol sanda 167 ekskawatoryň, 23 buldozeriň hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynmagy bellenildi.

1-nji tapgyrda gelip gowşan tehnikalar ýokary amatlyklary bilen tapawutlanýar. Döwrebap enjamlar ornaşdyrylan täze buldozerler sowadyş, ýyladyş ulgamlary, şeýle-de olary dolandyrmak üçin ýörite monitor bilen üpjün edilendir. «Komatsu D65EX-16» kysymly buldozerleriň kuwwatlylygy 209 at güýjüne deň bolup, iş öndürijiligi sagatda ortaça 115 — 120 kub metre barabardyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär

Türkmenistan Hytaýdan 439 million dollarlyk nebitgaz enjamlaryny satyn alýar

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar