MEDENIÝET

Ýapon suratkeşiniň ahalteke atyny şekillendiren suraty uly gyzyklanma döretdi

Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen “Şin-Inten” atly 55-nji Halkara sergisiniň açylyş dabarasynda ýapon suratkeşi Miçio Komine türkmen baýdagynyň öňünde ahalteke aty şekillendirilen “Türkmenistan” atly öz çeper suratyny sergiledi.

Halkara sergini gurnaýjylaryň bellemeklerine görä, bu sungat işi Tokio Metropoliten sungat muzeýine gelýänleriň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Miçio Komine türkmen halkynyň milli genji-hazynasyny – behişdi bedewini şöhratlandyrmakda goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ahalteke bedewiniň arassa tohumly atlaryň biridigi bellendi. Taryhynyň dowamynda ahalteke bedewi kämilleşdirmek ýa-da köpeltmek maksady bilen beýleki tohum atlary bilen garyşdyrylmady.

Related posts

Türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlar öwreniler

Dünýäde 1 milliarda golaý adam türk seriallaryny tomaşa edýär

ABŞ-nyň Kongresler kitaphanasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi