SPORT

Germaniýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden boşaldyldy

Hans-Diter Flik Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Germaniýanyň futbol geňeşiniň ýolbaşçy düzüminiň teklibi bilen 58 ýaşyndaky hünärmen bilen şertnama ýatyryldy.

– Geňeş ýygyndynyň soňky gazanan şowsuzlyklary sebäpli oňa täze itergi bermek üçin degişli çözgüt kabul etdi. Germaniýada geçiriljek ýewropa çempionatyna ynamly taýýarlyk görmek zerur – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Flik 2021-nji ýylda Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Onuň ýolbaşçylygynda Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Katarda geçirilen dünýä çempionatynda toparçadan çykyp bilmedi.

Soňky 5 duşuşykda Germaniýanyň ýygyndysy 4 gezek ýeňildi we bir duşuşyk deňme-deň tamamlandy. Soňky geçirilen duşuşykda bolsa, Germaniýanyň ýygyndysy Ýaponiýadan 4:1 hasabynda utuldy.

Fransiýa bilen geçiriljek duşuşykda ýygyndynyň sport boýunça direktory Rudi Feller baş tälimçiniň wezipesini wagtlaýyn alyp barar.

Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesine Ýulian Nagelsmannyň bellemegine garaşylýar.

Related posts

SSKA topary Russiýanyň Superkubogyny gazandy

Kuraş boýunça dünýä çempionaty Aşgabatda geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Erzurumda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar