JEMGYÝET

Ýanwar-aprel aýlary: ykdysady ösüş görkezijileri

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Hökümet mejlisinde 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlary aralygynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, dört aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,1 göterim artdy.

Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 13,2 göterim ýokarlandy. 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 115,4 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 9,9 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim artdy. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklary alnyp baryldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — aprel aýlarynda birža söwdalarynyň 97-si geçirilip, 10 müň 192 şertnama hasaba alyndy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 138,5 göterime deň boldy, 4 sergi we 17 maslahat guraldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň dört aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 129,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 109,1 göterime deň boldy.

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin we Putin türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi