DÜNÝÄ

Ýalňyzlyk boýunça ministrlik döredildi

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga ýurtda ýalňyzlyga garşy göreşmek babatda täze wezipe döretmegi tabşyrdy. Bu barada “Kýodo” habarlar gullugy habar berýär.

Premýer-ministr Ýosihide Suga ýurduň sebitleriniň durmuş ýagdaýlaryny dikeltmek boýunça ministri Tesusi Sakamoto bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäginde Premýer-ministr Tesusi Sakamoto ýüzlenip, oňa häzirki wagtda alyp barýan işinden daşary ýalňyzlyga garşy göreşmek ministri wezipesini hem amala aşyrmagy tabşyrdy.

Duşuşykdan soňra Sakamoto näme üçin Premýer-ministriň beýle kararynda gelendigini aýtdy. Munuň sebäbi koronawirus pandemiýa döwründe adamlaryň ýalňyz galmazlyklary üçin we bu babatda dürli medeni, şeýle hem beýleki çäreleriň görülmelidigini nygtapdyr.

Mundan ozal, ýalňyzlyga garşy göreşmek babatda Beýik Britaniýada hem degişli edara döredilipdi. Ýurduň psihiki meseleler boýunça ministrligiň ýolbaşçysy wezipesine 49 ýaşly Žaklin Doýl-Praýs bellenipdi.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Related posts

Belarus Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy boldy

Ata Watan Eserleri

BAE-niň kompaniýasy Türkmenistanyň gämi gurluşygyna maýa goýar

Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasy hyzmatdaşlygyny ösdürýär