JEMGYÝET

Wladimir Putin Türkmenistana geldi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabatda geçirilen halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Russiýanyň Prezidenti bu saparyň çäklerinde birnäçe ikiçäk duşuşyklaryny geçirer, şol sanda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow garşylady.

Russiýanyň Prezidenti ýurdumyza saparynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar.

Bu foruma köp sanly döwletiň Baştutanlary, şeýle hem halkara guramalaryň – Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşar.

Related posts

«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

«Twilight» romanynyň 5-nji bölümi «Midnight Sun» ady bilen okyjylara gowşar

Ata Watan Eserleri