BIZNES

Wengriýanyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de kabul edildi

2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) jenap Peter Sante bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ýola goýlan göni gatnaşyklaryň nazarda tutulmagy bilen, Türkmenistanyň we Wengriýanyň kärhanalarynyň, kompaniýalarynyň we telekeçileriniň arasynda özarabähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy

Türkmenistanda täze gury ýük gämileri gurlar

Türkmenistanda milli el halyçylyk ulgamy ösdüriler