TEHNOLOGIÝA

Wakum otlulary peýda bolýar

Günorta Koreýada “Hyperloop” atly wakum otlusynyň ýokary tizligi, sesiň tizligine ýetdi diýip, “Independent” neşiri habar berýär. Täze wakum otlusy, Koreýa demir ýol gözleg instituty tarapyndan synag edildi. Hünärmenler synag mahalynda wakum otlusynyň tizligi sagatda 1.019 kilometre barabar bolandygy barada nygtap geçdiler. Institutyň öňki rekordy sagatda 714 km bolupdy we synag üçin otlunyň göwrümli görnüşi ulanyldy. Günorta Koreýa 2024-nji ýyla çenli doly derejede wakum otly ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda Seuldan Pusana şäherine çenli üç sagatda baryp bolýan bolsa, indi bu otly bilen 30 minutda baryp bilerler.

Wakum otluny 2012-nji ýylda “Space X” kompaniýasynyň başlygy Ilon Musk teklip edipdi, ýöne taslamanyň üstünde işlemek üçin wagtynyň ýokdugyny hem belläpdi.  Bu taslamanyň üstünde birnäçe kompaniýalar işledi, olaryň arasynda ynam bilen bu taslamany güýje girizen “Hyperloop TT” we “Wirgin Hyperloop” kompaniýalary boldy.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar