SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Urumçi ― Aşgabat ― Urumçi howa gatnawy hepdede iki gezege çykarylar

Aşgabat şäheriniň ähli döwrebap mümkinçilikleri bolan halkara howa menziline dünýä döwletleriniň meşhur awiakompaniýalary hem iri şäherlere halkara uçuşlary yzygiderli amala aşyrýarlar. Şolaryň biri hem Hytaý Halk Respublikasynyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan Urumçi (HHR) ― Aşgabat (Türkmenistan) ― Urumçi (HHR) howa gatnawydyr.

Häzirki wagtda bu gatnaw hepdede bir gezek, ýagny her hepdäniň çarşenbe günleri amala aşyrylýar. Ýöne awiakompaniýa ýolagçylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ugur boýunça uçuşlaryň sanyny şu ýylyň 18-nji maýyndan başlap, hepdede iki gezege çykarmagy meýilleşdirilýär. Şol günden soň Urumçi ― Aşgabat ― Urumçi aralygynda hepdäniň ýekşenbe günlerinde hem uçuşlar amala aşyrylyp başlanar.

Ýeri gelende aýtsak, «Türkmenhowaýollary» agentligi we ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk saklaýan dünýä döwletleriniň meşhur awiakompaniýalary tarapyndan merjen paýtagtymyzy we ýurdumyzyň beýleki şäherlerini dünýä daşary ýurtlaryň iri şäherleri bilen baglanyşdyrýan göni howa gatnawlarynyň sany barha artdyrylýar.

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler