SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa Türkiýä uçar gatnawlaryny dikeldýär

Russiýanyň wise-premýeri Tatýana Golikowa 22-nji iýundan Russiýadan Türkiýä amala aşyrylýan uçar gatnawlarynyň gaýtadan başlajakdygyny habar berdi. Russiýadan degişli toparyň Türkiýede geçiren barlag işlerinden soňra bu ugurda degişli çözgüt kabul edildi.

Türkiýede soňky döwürde koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilmegiň depgininiň güýçlendirilmegi, hyzmat we myhmanhana işgärleriniň sanjym edilmegi uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagyna mümkinçilik berdi.

Şu ýylyň aprel aýynyň ortalarynda Russiýa Türkiýede koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýyň çylşyrymlaşmagy bilen uçar gatnawlaryny togtadypdy. Maý aýynyň ahyrynda bolsa uçar gatnawlarynyň togtadylmagynyň möhleti 21-nji iýuna çenli uzadylypdy.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasy ýene-de birnäçe ugurlar boýunça halkara gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirdi. Russiýa Türkiýe bilen bir hatarda ABŞ, Bolgariýa, Belgiýa, Italiýa, Kipr, Demirgazyk Makedoniýa, Iordaniýa we Irlandiýa bilen gatnawlary täzeden ýola goýmagy maksat edindi. Bu gatnawlar 28-nji iýunda ýola goýlar.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa 10-njy iýundan başlap Awstriýa, Wengriýa, Liwan, Lýuksemburg, Marokko, Horwatiýa ýaly döwletlere hem uçar gatnawyny ýola goýupdy.

 

Gaýtadan işlenilýän kagyz bazary ösdüriler

Ýene-de okaň

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi