DÜNÝÄ

“United Airlines” awiakompaniýasy uçýan taksileri satyn alar

ABŞ-nyň “United Airlines” awiakompaniýasy howa menziline ýolagçylary gatnatmak üçin 200 sany elektrikli uçýan taksini satyn almagy maksat edinýär. “The Wall Street Journal” žurnalynyň habaryna görä, “United Airlines Holdings” awiakompaniýasy Kaliforniýada ýerleşýän uçýan taksi öndüriji “Arcer” kompaniýasyndan uçýan taksileri satyn almagy meýilleşdirýär. Uçýan taksiler üçin 1 milliard dollar sapr ediler. Bu babatda ABŞ-nyň sebit awiakompaniýasy “Mesa Airlines” kompaniýasy bilen bilelikde hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar.

“United we Mesa Airlines” kompaniýanyň wekilleri awiasiýa pudagyndan kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin ekologiýa taýdan arassa tehnologiýaly ulaglaryň hyzmatyndan peýdalanmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, ýolagçylary howa menziline daşamak üçin 5 ýylda 200 sany uçýan taksini satyn almak meýilnamasynyň taýýarlanandygy bellenildi. Bu uçýan taksiler sagatda 240 km tizlige ýetmegi başarýar we 90 km aralyga çenli uçar.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady