JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ysraýylyň Eýranyň territoriýasyna eden hüjümleri bilen baglanyşykly beýanaty

Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna hüjümleri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary beýan edýär:

Türkmen tarapy Ýakyn Gündogarda emele gelen dartgynlylygyň alada goýýandygyny belleýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistan syýasy we beýleki meseleleriň çözülmeginde güýç ulanylmagyny ýa-da ony ulanmagk bilen howp etmek usuly kabul etmeýär.

Islendik çylşyrymly ýagdaýy diňe BMG-nyň Tertipnamasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýan parahatçylykly ýollar bilen çözmek üçin giň syýasy we diplomatik serişdeleri ulanmagyň zerurdygyny nygtaýarys.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri