DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekilýeti «Merkezi Aziýa- Ýaponiýa» gepleşikleriň ýokary wezipeli şahslaryň ýygnagyna gatnaşdylar

Astana şäherinde ýapon tarapynyň başlangyjy bilen ýokary wezipeli şahslaryň «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gibrid görnüşindäki gepleşikleriň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygynda wekilýet gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa +Ýaponiýa» gepleşikleriniň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisiniň gün tertibini, konsepsiýasyny we meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar sebit we halkara gün tertibine degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem gepleşik platformasynyň çäginde derwaýys ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda gepleşige gatnaşýan ýurtlar bilen sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek arkaly amaly hyzmatdaşlygy has-da çuňluşdyrmagyň zerurdygyny belläp geçdi.

Duşuşyga gatnaşan ýurtlaryň wekilleri öz çykyşlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini belläp geçdiler, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin teklipleri öňe sürdüler.

Related posts

Nobel baýragynyň eýeleri bu baýragy öz ýurtlarynda alarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-niň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Putin bilen Trampyň telefon söhbetdeşligi: özara duşuşyk Saud Arabystanyda bolup biler

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment