MEDENIÝET

Türkmenistanyň wekilleri Bütindünýä mirasynyň şäherler guramasynyň forumyna gatnaşdy

Koreýa Respublikasynyň Kýonji şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň Bütindünýä mirasynyň şäherler guramasynyň dördünji sebit forumy geçirildi, oňa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde türkmen tarapy gadymy Köneürgenç şäheriniň taryhy-medeni mirasy barada çykyş etmek bilen, onuň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen binagärlik eserleri we ýadygärlikleri bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň taryhyna we häzirkizaman ösüşine, ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan wideo görkezildi.

Sebit maslahaty ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin maddy we maddy däl medeni mirasy ulanmak mowzugyna bagyşlandy.

Related posts

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň sammiti geçiriler

Dünýäniň iň köp gazanan kino ýyldyzlary

Taryhy mekanyň gadymy pullary

Ata Watan Eserleri