DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-niň 52-nji mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 31-nji ýanwary–2-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlis 2026-njy ýylyň 11–12-nji aprelinde Bagdat şäherinde geçiriljek Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň öňüsyrasyndaky üçünji we iň möhüm taýýarlyk tapgyry bolup durýar.

Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy «Bitaraplyk syýasatynyň YHG-niň giňişliginde we ählumumy derejede halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde orny» atly kararnamanyň taslamasyny YHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisinde kabul edilmegi üçin hödürledi.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar syýasy, hukuk, maglumat we ynsanperwer ugurlarda strategik çözgütleri taýýarladylar, şeýle-de olaryň kabul edilmegine taýýarlyk görmek maksady bilen daşary işler ministrleri üçin iş maksatnamasyny jemlediler.

Related posts

Türkmenistandan täjik çagalaryna sowgat iberildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Konsultatiw duşuşygy başlady

Ata Watan Eserleri

Şu gün — Oraza baýramy

Ata Watan Eserleri