JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin gelen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Prezident Minnihanow Türkmenistanyň halkyny möhüm sene bilen gutlap, soňky üç onýyllykda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady babatda uly ösüşler gazanandygyny belledi.

Minnihanow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna berýän aýratyn üns goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.

Minnihanow Tatarystanyň birnäçe kärhanalarynyň Türkmenistanyň kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Geçen ýylyň jemleri boýunça haryt dolanyşygy 77,5 million dollara deň boldy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky harytlaryň möçberini we gerimini giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Nebit çykarmak, tebigy gazy daşamak, awtomobil, awia we gämi gurluşyk, himiýa önümlerini ýerlemek ýaly köp sanly ugurlarda giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Aşgabat we Mary şäherlerinde Tatarystanyň Medeniýet günleri geçiriler.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda mukaddes Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Related posts

30 futbol meýdançasy ululygynda teleskop

vepa

Türkmenistan Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana elektrik energiýasyny we tebigy gazyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment