DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleri Hyratda duşuşdy

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleri Owganystanyň demirgazyk-günbataryndaky we Türkmenistan bilen serhetleşýän welaýatyň merkezi bolan Hyrat şäherinde duşuşdylar. Bu barada “orient.tm” internet neşiri habar berýär.

Owgan metbugatyna salgylanyp berlen habara görä, şenbe güni başlan daşary işler ministrleri Raşid Meredow bilen Muhammet Hanif Atmaryň duşuşygy ýekşenbe güni dowam etdi. Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň arasyndaky ykdysady we syýasy gatnaşyklary giňeltmek we Owganystanyň parahatçylyk ýagdaýy girizildi.

Hanif Atmaryň aýtmagyna görä, TOPH taslamasy, Türkmenistandan Hyrata elektrik geçirijisiniň, iki ýurduň arasynda demir ýoluň gurulmagy, Hyrat mermeriniň Türkmenistana eksport edilmegi we “Lapis Lazuli” geçelgesi boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem ol “Biz diňe bir Owganystan bilen Türkmenistany däl, eýsem Günorta Aziýany Merkezi Aziýa bilen birleşdirjek demir ýol şahasy barada gürleşeris” -diýdi.

Duşuşygyň ilkinji gününde daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Owganystan bilen ykdysady we syýasy gatnaşyklary giňeltmek isleýändigini aýtdy. Ikitaraplaýyn gepleşiklerde 7 möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Bu saparyň esasy maksady, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň dürli taraplaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

6-njy iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady

Gazagystanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Aşgabada geldi