BIZNES

Türkmenistanyň täjirçilik we söwda strategiýasy işlenip düzüler

Paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi. Şol maslahatda eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň täjirçilik we söwda strategiýasynyň işlenip düzüljekdigini belledi.

– Biz ýurdumyzyň içerki bazarlarynda we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply täze innowasion önümçilikleri döretmekde ajaýyp üstünlikleri gazandyk. Senagat önümlerimiz hem-de brend markaly dokma harytlarymyz bilen ýurdumyzyň sebit we dünýä bazarlaryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrýarys, täze bazarlara ýol açýarys.

Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda döredilen ýa-da täze gurulýan her bir kärhananyň önümleriniň we hyzmatlaryň içerki, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet bermelidiris. Şu maksat bilen, ýakyn geljek üçin Türkmenistanyň täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp düzeris. Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygyna goşulmagy üçin zerur işler alnyp barylmalydyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýasyny çekmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ähli pudaklaryň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek babatda täze mümkinçilikleri açýar – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi