JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Myhman Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gyzgyn salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky parlament hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin iki ýurduň döwlet Baştutanlary derejesinde kabul edilen parlament gatnaşyklaryny ösdürmek babatdaky çözgütleriniň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň Türkmenistana sapary soňky 11 ýylda Döwlet Dumasynyň Başlygynyň derejesinde amala aşyrylan ilkinji sapardyr.

Şeýle hem şu gün Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mammedowa bilen duşuşygy bolar. Mundan başga-da, Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş eder. 

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti düýn Türkmenistanyň paýtagty aşgabada geldi. Wekiliýetiň düzüminde Döwlet Dumasynyň degişli komitetleriniň wekilleri bar. 

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy