JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti türk Liderine türkmen alabaýyny sowgat berdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Bu duşuşygyň dostlukly ýurduň milli baýramynyň — Respublikanyň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň bellenilýän günlerine gabat gelmegi özboluşly mana eýedir. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi sapary iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine uly itergi berjekdigi bellenildi.

«Aksaraý» köşgünde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerden soňra sowgat alyşmak dabarasy geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana “Gardaş” atly türkmen alabaýyny sowgat etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, eýesine wepaly batyr alabaýlar asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepaly dosty we hemrasy, ygtybarly goragçysy we kömekçisi bolupdyr. Häzirki günde alabaýlar halkymyzyň baý milli mirasynyň aýrylmaz bölegidir.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan köp asyrlyk türkmen-türk dostlugyna ygrarlygyň özboluşly nyşany bolup duran bu ajaýyp sowgat üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Türkiýäniň Prezidenti hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine iki sany güjüjegi sowgat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu sowgat üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

 

Related posts

Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

200 den fazla Anneye Kadınlar gününde “Ana Şefkati” madalyası

vepa

Türkmenistan’da Yılın Bankası – Senagat Bankası Seçildi

vepa