2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş sapary bilen boldy.
Sankt-Peterburgyň halkara aeroportyndan Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.N.Ýelsin adyndaky kitaphana bardy. Ol ýerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklygynda Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň ýygnagy geçdi.
Birek-birek bilen salamlaşanlaryndan hem-de Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, duşuşyga gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahara çagyryldy.
Resmi däl ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän halkara meseleleriň hatary boýunça döwlet baştutanlaryň pikir alyşmaga mümkinçiligi boldy. Döwlet baştutanlary bu resmi däl sammit güýçleriň jebislenmesiniň we bilelikdäki täze taslamalaryň, meýilnamalaryň başlangyjy bolar diýip biragyzdan ynam bildirdiler.
Türkmenistan 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek wezipesini mynasyp ýerine ýetirdi. Türkmenistan 2019-njy ýylda bu düzümde ýene-de başlyklyk wezipesini öz üstüne almak bilen, mundan beýläk-de däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegi göz öňünde tutýar.
Döwletleriň arasyndaky birek-birege bolan ynamy berkitmek, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak, syýasy-diplomatik gatnaşyklary berkitmek, GDA-nyň halkara guramalary bilen, şol sanda BMG we ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we dünýä hojalygy gatnaşyklaryna integrirlemek üçin şertleri döretmek Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň ileri tutulýan maksatlary hökmünde kesgitlenen.
Resmi däl günortanlyk naharyndan soňra GDA agza ýurtlaryň Liderleri “Mariinskiý teatryna” ugradylar. Şu ýyl teatryň döredilmeginiň 235 ýyllygy bellenildi. Döwlet Baştutanlary P.I.Çaýkowskiniň “Şelkunçik” atly baletine tomaşa etdiler. Если развлекаться, то лучше всего выбирать проверенные игровые продукты и это лучше всего делать в игровом зале онлайн-казино Pin Up online Россия. Здесь каждый азартный игрок найдет для себя подходящие развлечения. Все, что требуется так это зайти на официальный сайт Pin Up казино онлайн Россия и здесь проблем с развлечениями нет, разнообразие игр просто удивляет. Тут доступны и можно Пин Ап играть в покер, видео-слоты, рулетку, баккару, блекджэк, лотереи, акции, турниры. Все игровые продукты от лучших провайдеров и все они не только проверены в Pin Up online казино Россия, но и имеют лицензии на работу.
Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgdan Watanymyza ugrady.