JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda galla oragyna guramaçylykly girişilip, orakda ulanylýan kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş bölümlerini bökdençsiz işletmek, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda Ylymlar güni mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli we möhüm möwsümiň—galla oragynyň başlanandygyny hem-de bu möwsümiň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we şunuň bilen baglylykda, bugdaý oragynda ähli düzümleriň bökdençsiz we sazlaşykly işledilmegi, gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkimlere tabşyrdy.

Ýene-de okaň

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Alp Arslan Begenjow Türkmenistana ilkinji erkin göreş medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-UNIDO:2026-2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip düzüler

Rabab Fatima Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokayr baha berdi