JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow duşuşykdan soňra beren beýanatynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen örän netijeli duşuşygynyň bolandygyny aýtdy.

Şeýle hem ol Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini taslamasyny durmuşa geçirmek üçin möhüm orun degişlidigini belledi.

– Russiýa we Türkmenistan, hakykatdanam geljegi uly bolan bu işiň durmuşa geçirilmeginde möhüm rol oýnar, bu bolsa sebitimiziň logistika we Ýewraziýa yklymynyň ösüşi babatdaky ornuny ep-esli güýçlendirer, demirgazyk we günorta deňizleriň arasyndaky baglanyşygy üpjün eder – diýip, Lawrow belläp geçdi.

Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň möhletini kesgitlemek babatda hem ylalaşandyklaryny aýtdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow düýn resmi sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy mundan ozal, 2022-nji ýylda Aşgabatda saparda bolupdy.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri