JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentine Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana amala aşyrjak döwlet saparynyň gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri açyp, özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigi bellenilýär. 

Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Ähli gazagystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Siziň ýurduňyz döwletliligiň esaslaryny pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmak işlerinde uly üstünlikleri gazandy. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň döredijilik ýoluny üstünlikli dowam etdirjekdigine, döwletiň abadançylygynyň, ösüşiniň bähbidine täze belentliklere ýetjekdigine ynanýaryn.

Bilelikdäki tagallalar arkaly häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli dostluk, ynanyşmak hem-de birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine daýanýan özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Siziň Gazagystana amala aşyrjak döwlet saparyňyzyň gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri açyp, özara gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynanýaryn.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda

Türkmenistanyň Prezidenti: Täze ýyl baýramçylygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir

Prezident Zardari: Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary ösdüreris

Leave a Comment