JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň saýtynda aýdylýar. Habarda bellenişine görä,  Döwlet Baştutanymyz gutlagynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini hem-de däp bolan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri goramak ýörelgeleriniň esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belleýär.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostluk, özara ynanyşmak we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki ýurduň haklarynyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Jozef Baýdene berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde ABŞ-nyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünliklikleri gazanmagy arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäşýyllyk meýilnama tassyklanyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi