DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Nepaldaky Ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Nepaldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Ş.Geldynazarow Nepalyň Prezidenti Ramçandra Paudela ynanç hatlaryny gowşurdy.

Prezident Ramçandra Paudel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, şol sanda syýahatçylyk ugurlary boyunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy