BIZNES

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlar çekiler

2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça» halkara göçme forumyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu çäräniň esasy maksadynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr.

Maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara maýa goýumlary çekmek, “Galkynyş” gaz käninde önümçiligi ýokarlandyrmak ulgamynda özara gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologiýa taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary çekmek ýaly meseleler we beýlekiler giriziler.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça» halkara göçme forumynyň ýurdumyzyň energetika diplomatiýasyny işjeň ilerletmek hem-de maýa goýumlary çekmek, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak ulgamynda netijeli tejribe alyşmak babatda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

Related posts

“Turan.app” – türki dünýäsiniň maliýe goşundysy

Ata Watan Eserleri

Baýramalydaky dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan bilen Germaniýanyň «Horn Glass Industries AG» kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi.

Leave a Comment