DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary ygtyýarlyklaryny tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, hökümet agzalaryny öz ygtyýarlyklaryny tabşyrýar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň degişli düzümde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň öňünde öz ygtyýarlyklaryny tabşyrmagy kabul edildi. Ygtyýarlyklaryny tabşyran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi düzülýänçä öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmäge borçly edildi.

 

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi

 

Related posts

ÝB Owganystanda bilelikdäki diplomatik wekilhana açmakçy

Belarus Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenbaşı-Garaboğaz-Kazakistan Karayolu İnşası

vepa