Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili 2026-njy ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen «Geljek üçin parlament liderligi: ykdysadyýete we demografik durnuklylyga tutuş jemgyýetiň çemeleşmesi» atly sebitleýin maslahata gatnaşdy.
Maslahatyň esasy maksady parlamentarizmi we açyklygy berkitmek, milli kanunçylyk ulgamynda özara tejribe we öňdebaryjy bilimleri alyşmak, ýaşlaryň syýasy we raýatlyk işjeňligini ýokarlandyrmak, olary döwlet dolandyryşyna hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işlere giňden çekmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tiz aragatnaşygy üpjün etmek, demografik durnuklylygy pugtalandyrmak, gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly ugurlarda parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmekden we bilelikdäki çemeleşmeleri ilerletmekden ybarat boldy.
Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili çykyş edip, ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň, ilkinji nobatda, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, ilatyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, maşgalalaryň we ýaşlaryň goldanylmagyna, gender deňliginiň üpjün edilmegine, demografik ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilýändigini belledi. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlara ýokary hilli bilim bermek, hünär öwretmek we iş bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy.
Sebitleýin maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu çäräniň Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek, demografik we durnukly ösüş proseslerini ösdürmek, ilatyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmekde, her bir ýurduň bu ugurdaky oňyn başlangyçlary hem-de iş usullary babatda özara tejribe alyşmakda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri açandygyny bellediler.
