DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ankara şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saidiň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Tunis Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine gyzgyn we mähirli salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi hem-de Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkejekdigine uly ynam bildirdi.

 

26-njy Maýda Ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi