JEMGYÝET

Türkmenistanyň içeri işler ministrine polisiýanyň polkownigi ýörite ady dakyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda,  Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň podpolkownigi Muhammet Allamyradowiç Hydyrowa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakyldy. 

Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanynda şeýle diýilýär:

Polisiýanyň podpolkownigi M.A.HYDYROWA polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakmak hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň podpolkownigi Muhammet Allamyradowiç Hydyrowa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär