DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi wezipesine başlady

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi.

Gazak tarapynyň Türkmenistan bilen köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny geljekde hem giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi barada belläp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny, Türkmenistanyň tutuş halkyna bolsa parahatçylyk, özgeriş we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny ýollady.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

«Migrasiýa hakyndaky» Kanuna üýtgetmeler giriziler

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy