BIZNES

Türkmenistanyň gatnaşmagynda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi maslahatlaşyldy

“Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023″ atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet forumyň çäklerinde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça sessiýa gatnaşdy.

Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi üçin 2022-2030-nji ýyllarda 280 milliard rubl möçberinde umumy maýa goýumlaryň gönükdiriljekdigini beleldi.

Şonuň netijesinde, onuň ýük geçirijilik kuwwaty has-da ösdüriler.

Häzirki wagtda bu geçelge 3 esasy ugra bölünýär: Günbatar – Dagystan Respublikasynyň awtoulag we demirýol ulaglary, TransHazar – Hazar deňzi, Wolga derýasy we eýran hem-de türkmen portlary, Gündogar – Gazagystanyň we Türkmenistanyň awtomobil we demirýol ulaglary arkaly.

Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça özara maslahatlaşmalara BAE-niň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Omanyň we beýleki ýurtlaryň wekiliýetleri gatnaşdy.

Related posts

Özel sektörde kayda değer başarı kazanılıyor

vepa

Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň akymy alyndy

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti Katardaky sergä gatnaşýar

Leave a Comment