BIZNES

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi işjeňleşdirilýär

2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň 30-dan gowrak ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Mejlisiň, bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, içeri işler ministrlikleriniň we beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga şeýle-de halkara guramalary, dünýäniň ykdysady we maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýän hususy pudagyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylar Utgaşdyryjy toparyň agzalarynyň, hususan-da Türkmenistanyň daşary işler ministriniň, maliýe we ykdysadyýet ministriniň, şeýle-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrleriniň orunbasarlarynyň çykyşlaryny diňlediler. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» ähmiýetini aýratyn nygtamak bilen, olar bu ugurda şu ýylyň birinji çärýeginde durmuşa geçirilen işler barada jikme-jik gürrüň etdiler.

Soňra oňa gatnaşyjylar dünýädäki makroykdysady ýagdaýlaryň nazarda tutulmagynda daşary ykdysady işi pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar. Mejlisiň dowamynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen meseleleriň giň toplumy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler