DÜNÝÄ

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky wekilhanasynyň resmi saýty ispan dilinde hyzmat berýär

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki merkezi binasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň resmi saýty ispan dilinde hyzmat berip başlady. Bu barada Türkmenistanyň wekilhanasynyň resmi saýtynda bellenilýär.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky wekilhanasynyň resmi saýtynyň ispan dilinde hyzmat edip başlamagy Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, Türkmenistanyň BMG-niň meýdançasynda öňe sürýän başlangyçlary, Türkmenistanyň Latyn Amerika we Karib deňziniň basseýnindäki döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary baradaky maglumat materiallaryny hemişelik ýagdaýda ispan dilinde okamaga mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa şol bir wagtda Türkmenistanyň Braziliýadaky, Wenesueladaky we Kubadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisidir.

Related posts

«Alphabetiň» aksiýalary 1 trillion dollara ýetdi

vepa

Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

Araçsız Gün :3 Haziran’da Aşkabatlılar bisiklet binecek

vepa

Leave a Comment