JEMGYÝET

“Russiýa-Merkezi Aziýa”: daşary işler ministrleriň duşuşygy

Şu gün Özbegistanyň Samarkant şäherinde GDA agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň hem-de “Merkezi Aziýa-Russiýa” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyklara Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

“Merkezi Aziýa-Russiýa” formatynda daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynda sebitiň durnukly ösüşi üpjün etmegä degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem halkara gün tertibiniň meseleleri bilen bir hatarda sebit howpsuzlygy we durnuklylygyna degişli meseleler boýunça pikir alşyldy.

Related posts

Türkiýeden Türkmenistandaky saýlawlara ýokary baha

Ata Watan Eserleri

Aşgabadyň 140 ýyllygy üçin 140 ýaşaýyş jaýy açylar

Türkmenistanyň Prezidenti Türki geňeşiň sammitine gatnaşdy

Leave a Comment