JEMGYÝET

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň gümrükçileriniň üç taraplaýyn duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrliginiň wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgam arkaly üç taraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlangyjy boýunça Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Bilelikdäki maslahat beriş toparyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy.

Duşuşykda 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde gol çekilen we birek-birek bilen üstaşyr geçirilýän harytlar barada maglumat alyşmak arkaly gümrük amallarynyň has çalt we ýeňilleşdirilen usulda amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýan bu Ähtnamanyň iş ýüzünde amal etmek üçin geljekki edilmeli işler we wezipeler kesgitlendi.

Taraplar ýakyn wagtda bilelikdäki maslahat beriş toparynyň agzalary barada maglumaty alyşmagy ylalaşdylar, Bilelikdäki toparyň birinji mejlisiniň geçiriljek ýerini we wagtyny kesgitlediler, şeýle hem harytlar we ulag serişdeleri barada özara maglumat alyşmagy guramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi