JEMGYÝET

Türkmenistanda täze hökümet düzüldi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze hökümeti düzdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary ozalkysy ýaly wezipelerine bellendi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, gol çeken Karary boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti öz ygtyýarlyklaryny tabşyrypdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýet, bank we halkara maliýe guramalary boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine Muhammetguly Muhammedowy belledi.

Muhammetguly Muhammedow 2013-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň maliýe ministriniň orunbasary, 2014-2017-nji ýyllarda maliýe ministri wezipelerinde işledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hökümet agzalaryny täzeden wezipe bellemek bilen, täze döwürde ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin zerur tejribeleriň bardygyny belledi.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

 

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar