BIZNES

Türkmenistanda bugdaý oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi

Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi bilen şertnama baglaşmak esasynda, ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine bugdaýy kabul ediş nokatlaryna hem-de ammarlara we elewatorlara daşamakda beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini şertnama esasynda peýdalanmaga ygtyýar berildi.

Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkyň rysgaly we azyk garaşsyzlygynyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy