BIZNES

Türkmenistanda banan we sitrus önümleri öndüriler

Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary döwletlerden ýurdumyza getirilýän harytlary tapgyrlaýyn aesasda azaltmak hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi agzalary tarapyndan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak baradaky tabşyryklary esasynda oba hojalygynda zerur işler alnyp barylýar.

Dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýurdumyzda banan we sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek babatda döwrebap ýyladyşhanalary döretmek teklip edilýär. Şeýlelikde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýyladyşhanalary gurmak meýilleşdirilýär. Ýyladyşhanalaryň taslamalaryna laýyklykda, olar häzirki zaman suwaryş usullary ulanmak arkaly täzeçil enjamlar bilen üpjün ediler. Toplanan tejribeleri nazara almak bilen banan, mandarin, apelsin we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça synag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Bular barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hasabat berildi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, telekeçileriň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, önümçiligiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy