JEMGYÝET

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklary 10% ýokarlandyrylar

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny hem-de döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak barada hasabat berildi. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny hem-de döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işleriniň deslapky hasaplamalaryna seljermeleriň geçirilendigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny hem-de döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky teklibi goldady we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

BMG-niň Awaza forumynyň netijeleri: sanlar we maglumatlar

Türkmenistan’da Teknoloji Üniversitesi Açıldı

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Nepalyň Premýer-ministri bilen duşuşdy