BIZNES

Türkmenistan “TRACECA” taslamasyna goşuldy

2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistan 1988-nji ýylyň sentýabrynda Baku şäherinde kabul edilen Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşuldy.

Resminamanyň maksady Ýewropa sebitinde, Gara deňizde, Kawkazda, Hazar deňzinde we Aziýada ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag aragatnaşygyny ösdürmekden, şeýle hem harytlaryň halkara gatnawyny öňe sürmek we ýeňilleşdirmek, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag syýasatyny sazlaşdyrmak we ulagyň dürli görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri döretmekden ybarat bolup durýar.

Related posts

Hytaý Merkezi Aziýa 15 milliard dollar maýa goýum gönükdirdi

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ykdysady ugurlary

Türkmen Gölü ralli tutkunlarını bekliyor

vepa