DÜNÝÄ

Türkmenistan Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Minsk şäherinde Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýedinji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdiýew gatnaşdy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2022-nji ýylyň oktýabrynda döwlet Baştutanlarynyň bu formatdaky ilkinji sammitiniň netijelerini durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan alty taraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda wajyp halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ekologiýa meselelerine we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň geljegine hem aýratyn üns berildi.

Related posts

Putin Serdar Berdimuhamedowy gazanan ýeňşi bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Wladimir Putin bilen Masud Pezeşkianyň Aşgabatdaky duşuşygy

Pakistanyň federal ministri Türkmenistanda saparda bolar