DÜNÝÄ

Türkmenistan Özbegistana suwuklandyrylan gaz kömegini berer

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Özbegistana dost-doganlyk goldawyny bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, resminama laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konsernine degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Özbegistan Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Ozal hem belläp geçişimiz ýaly, şu gün paýtagtymyzyň “Daşkent” seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Related posts

Nobatçy notarius hyzmatlary täzeden başlaýar

Ata Watan Eserleri

Russiýa-Merkezi Aziýa döwletleriniň goranmak ministrleriň duşuşygy

Türkmenistan we Beýik Britaniýa: Owganystandaky ýagdaýlar maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment