JEMGYÝET

Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýaly mukaddes däp-dessurlaryndan ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ibermek bellenildi.

Türkmen halky hemişe-de ýakyn goňşusyna kyn günde hemaýat bermegi, doganlyk goluny uzatmagy, esasan-da, kömege, howandarlyga mätäç çagalara goldaw bermegi asylly ýörelge hasaplapdyr. Bu hakykaty ýurdumyzyň Owganystanyň dostlukly halkyna berýän ýardamynyň mysalynda-da görmek bolýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem diňe bir ýurdumyzyň çagalaryna däl, eýsem, dünýäniň ähli çagalaryna-da goldaw-hemaýatlaryny berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ähli gymmatlyklaryň güýji ynsanperwerlik, adamkärçilik kadalarynda jemlenýär. Her bir kämil jemgyýetiň binýady şol kadalaryň esasynda pugtalanýar. Bu günki gün Türkmenistanda kyn günde doganlyk goluny uzatmak we goldaw bermek däpleri döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň binýady hökmünde mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň goňşy ýurduň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek baradaky çözgüdi hem köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere, uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr, owgan halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň nobatdaky beýanydyr.

Ýene-de okaň

“Ferrari” özüniň ilkinji elektrikli ulagyny tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyga gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalygy kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri:Azerbaýjan bilen gatnaşyklar mundan beýläk-de ösdüriler

Türkmenistan Oman Soltanlygyna ilçi belledi